Press release

Nýu-Ýork şäherindäki “The Met” (Metropoliten) sungat muzeýinde Orta asyrlaryň kuwwatly yslam dinastiýasy bolan Seljuklaryň çeperçilik, tehnologiýa we medeni mirasyna bagyşlanyp uly sergi geçirilýär

Gaýra goýulmazdan ýaýratmak üçin metbugat çapary

Serginiň seneleri: 27 aprel – 24 iýul, 2016 ý.

Serginiň geçirilýän ýeri: Metropolietn sungat muzeýi, 2-nji gaty, "Iris and B. Gerald Cantor" sergi zaly (Galereýa 999)

Metbugat üçin açylyşdan öň görkeziş: Duşenbe güni, aprel aýynyň 25-i, sagat 10:00 – 12:00 aralygynda

Eýrandan Anatoliýa (häzirki Türkiýe) çenli giňişligi öz içine alýan sebitiň taryhyndaky iň pajarlap ösen döwürleriň biri hem Seljuklar dinastiýasynyň we onuň mirasdüşerleriniň höküm süren 1038-1307-nji ýyllary aralygyna gabat gelýär. Orta aziýaly çarwa türki halkdan gelip çykan Seljuklar dinastiýasy Günbatar Aziýada (häzirki Türkmenistan, Eýran, Yrak, Siriýa we Türkiýe) ägirt uly, emma merkezleşdirilen bolmadyk we uzaga çekmedik imperiýa gurupdyrlar. Seljuklaryň höküm süren zamanasynda dürli medeniýetler, şol sanda türkmen, arap-pars, yslam, wizantiýa, ermeni, haçparaz we beýleki hristian medeniýetleri özara alyş-çalyş edip eriş-argaç bolup utgaşypdyrlar. Bu alyş-çalyş, imperiýanyň çäginde ykdysady bol-elinligiň, ylymda we tehnologiýada öňe gidişlikleriň, hem-de medeniýetiň gülläp ösmeginiň netijesinde bolup geçipdir. Aprel aýynyň 27-ne de Nýu-Ýork şäherindäki Metropoliten sungat muzeýinde açyljak "Köşk we köşk ulgamy: Seljuklaryň beýik eýýamy" atly taryhy ähmiýete eýe bolan halkara sergide dürli ýurtlaryň muzeýlerinden we guramalaryndan wagtlaýyn alynan we XI-XIII asyrlarda häzirki Türkmenistanyň çäginden tä Ortaýer deňzine çenli bolan ýurtlarda döredilen deňsiz-taýsyz sungat eserleri görkeziler.

Sergi "NoRuz at The Met" gaznasynyň we Eýran-amerikan jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Amerikanyň, Ýewropanyň we Ýakyn Gündogaryň döwlet we hususy ýygyndylaryndan jemi 270 töweregi muzeý gymmatlyklary , şol sanda keramiki, aýna, stukko, kagyz, agaç, dokma we metaldan ýasalan eserlerdir önümler sergilener. Guramalaryň aglabasy öz ýygyndylaryndaky eserleri ilkinji gezek daşyna çykarýarlar. Türkmenistandan hem gelen ondan gowrak ähmiýetli eserler aýratyn üns çekýär, çünki Türkmenistan garaşsyz ýurt hökmünde taryhynda ilkinji gezek öz ençeme taryhy muzeý gymmatlyklaryny ABŞ-daky muzeýde uzak möhletleýin sergilenmegine şu sergi üçin rugsat berdi. .

Beýik Seljuk imperiýasynyň Eýran sebitinde pajarlap ösüşi başdan geçiren halkyň orta gatlagy sungata, tehnologik ösüşlere we kaşaň harytlaryň bazaryna uly goltgy beripdir. Onuň tersine, mirasdüşer Seljuk dinastiýalarynyň (Rum seljuklary, Artyklylar we Zeňňiler) gol astyndaky Anatoliýada, Siriýada we Jezirede (demirgazyk-günbatar Yrak, demirgazyk-gündogar Siriýa we günorta-gündogar Türkiýe) çeperçilik sungatyna hökümdarlar hemaýat beripdirler, we șeýlelik bilen yslam dini bilen bagly sungat hristian ilatyň agdyklyk edýän sebitlerine hem ýaýradylyp başlanýar.

Ondan başga-da, 1220-nji ýylda başlanan mongol-tatar çozuşlary sebäpli, senetkärleriň ençemesi Eýrandan bu sebite göçüpdir. Dürli medeni, dini we sungat akymlaryndan gelip çykan hemaýatkärdir müşderileriň hem-de senetkärleriň bir ýere jemlenip garym-gatym bolmagy bilen, Seljuk imperiýasynyň günbatar çäginde özboluşly tapawutlanýan sungat eserleri döredilip, pajarlap ösüpdir.  

Sergi hakda umumy syn

Mowzuk boýunça tertibe salnan sergi Seljuk soltanlarynyň hem-de emeldarlarynyň atlary görkezilýän eserler bilen açylýar. Orta Aziýada we Eýranda teňňelerde we ymaratlarda ýazgylar galdyrylypdyr. Köşk sakçylaryny, emirleri we köşk emeldarlaryny şekillendirýän stukko relýefli eserler bolsa ady bellenilip geçilmedik Beýik Seljuk hökümdarlarynyň köşklerini hakydada janlandyrmak üçin ýardam berýär. Anatoliýada, Siriýada we Jezirede mirasdüşer Seljuk döwletleriniň hökümdarlarynyň atlary we keşpleri dürli eserlerde öz ornuny tapýar. Bu bölümde, Artykly hökümdary Rukned-Döwle Dawudyň ady ýazylan, XII-nji asyra degişli kluazonne usulynda bezelip ýasalan meşhur tabak bar.

Ikinji bölümde köşkdäki şertleri, şeýle hem soltanlaryň we emeldarlaryň durmuşyny suratlandyrýan stukko relýefler, keramika, metal önümler we beýleki serişdelerden öndürilen eserler ýerleşdirilen. Ol eserlerde Seljuk elitasynyň keşpleri aslynda portret görnüşinde berilmedik hem bolsa, Seljuk hökümdarlygynyň adaty gözelligi hökmünde orta aziýalylaryň özboluşly ýüz keşbi sünnäläp ulanylandygy mälim. Pars milli eposy bolan “Şanamanyň” (“Şalaryň kitaby”) 1217-nji ýylda Anatoliýada ýazylan we biziň günlerimize çenli gelip ýeten iň irki golýazmasy bu bölümde sergilenýär we aýratyn üns çekýär. Köşkdäki ýaşaýşyň ýüzlerçe ownujak aýratynlyklaryny özünde jemleýän adybelli "Blacas" küýzesi hem bu ýerde görnükli orun eýeleýär.

Üç asyrlap dowam eden Seljuk häkimiýeti oýlap tapyşlaryň we açyşlaryň hem zamanasy bolupdyr; ylymda, lukmançylykda we tehnologiýada gazanylan köp üstünlikler hem-de öňe gidişlikler şol döwrüň golýazmalarynda, ylmy abzallarynda we lukmançylyk esbaplarynda öz röwşen beýanyny tapypdyr. Sagatlary, suw çarhlaryny we robotlary oýlap tapan musulman köpugurly alym we uçursyz zehinli/döredijilikli adam bolan Ibn al-Razzaz al-Jazariniň ençeme ajaýyp oýlap tapyşlaryny irki XIII asyrda suratlar bilen bezelip ýazylan "Täsin mehaniki enjamlar hakda kitaby" atly golýazmanyň sahypalarynda görmek bolýar.  Musulmanlaryň oýlap tapan astrolýabiýasy hem aýratyn ähmiýete eýe bolup üns çekýär. (Ol çylşyrymly nawigasiýa abzaly arkaly köp zatlary, ylaýta-da Mekge şäheriniň ýerleşýän ýerini we kyblanyň ugruny kesgitläp bolýar eken). Olardan başga-da, Orta asyrlaryň derman taýýarlanşyna (farmakopeýasyna) mahsus bolan müşk, kamfora we beýleki derman-däriler üçin ýörite gözjagazlar bilen üpjün edilen nepis derman gutusy hem bu bölümde sergilenýär..

Seljuk sungatyna degişli ululy-kiçili eserlerde hakyky, mifologik we gibrid jandarlaryň suratlary örän köp duş gelýär. Eýran sungatynyň iň naýbaşy mowzugy bolsa haýwan uruşlarydyr. Anatoliýada we Jezirede gurlan Seljuk döwletleriniň tugrasynda goşa kelleli bürgüt ulanylypdyr. Harpileriň (adam ýüzli guş bedenli jandarlar), we sfinksleriň (adam ýüzli, kähalatlarda ganatly ýolbars bedenli jandarlar) şekilleri örän ýygy-ýygydan duş gelýär.  Kümüş çaýylyp haşamlanan we çylşyrymly astrologik şekiller bilen bezelen, gapak goýlan "Waso Weskowali" atly ajaýyp tabagyň gapagynda sekiz sany planeta adam keşbinde görkezilýär.  Şol keşpler bilen bir hatarda   12 zodiagyň belgisi we olara degişli planetalar bolsa iňňän nepislik we bezeg bilen sünnälenip tabagyň özünde şekillendirilýär.

Seljuklar öz döwründe höküm süren sebitinde sünni yslamy işjeň öňe sürüp, medrese-metjitler gurupdyrlar, Kuranyň we beýleki dini kitaplaryň ýazylyp ýaýradylmagyna hemaýat beripdirler. Seljuklar zamanasyna degişli örän seýrek duş gelýän, ajaýyp bezegli kitap sungatynyň nusgalary hem sergide görkezilýär. Siriýada, Jezirede we Anatoliýada ýerli ilatyň agramly bölegi, şeýle hem käbir emeldarlar hristian bolansoň, hristian şekillendiriş sungatyna degişli önümler hem yzygiderli öndürilipdir. Gruziýadan getirilen, ýüzüne jöhit dilinde ýazgylar haşamlanan bir ritual gabynyň bolmagy şol döwürde jöhit ilatyň hem bolandygyny tassyklaýar. Şol bir sungat ussatlary köplenç dürli dini jemgyýetlere hyzmat edipdirler. Şol sebäpli-de, bir dini toparyň tärleri we çeperçilik däpleri başga topbagyňkylar bilen garyşypdyr.

Serginiň altynjy we iň soňky bölümi merhumy jaýlamak dessurlaryna bagyşlanýar. Seljuk döwrüne degişli mazarlardan tapylan dürli mazar çelgileri, kenotaflar, ýasda ulanylan mebeller we nagyşly dokma önümleri bu bölümde sergilenýär. . Hakyky musulman jynazasynda merhumyň jesedi iki-üç bölek ak kepene çolanan bolýar; jynaza we mazar bilen baglanyşykly gymmat bahaly matalaryň bolmagy ýörgünli däpleriň we resmi däp-dessurlaryň özara düýpli tapawutlanandygyny görkezýär.

Minnetdarlyk bildirilýänler

Serginiň guramaçylygy: Sheila R. Canby, "Patti Cadby Birch" gaznasynyň jogapkär kuratory, "Yslam sungaty" bölümi; Deniz Beyazit, kuratoryň kömekçisi; we Martina Rugiadi, kuratoryň kömekçisi. Serginiň bezeg-dizaýny: Katharina Weistroffer, sergi bezegçisi; grafiki bezeg: Mortimer Lebigre, grafiki bezegçi; we ýagtylandyryş: Clint Ross Coller we Richard Lichte, ýagtylyk-bezeg menejerleri, ählisi Metropoliten sungat muzeýiniň “Bezeg we dizaýn bölüminden. Wideo önümçilik: Christopher Noey, "Çeperçilik önümçilik" bölüminiň baş müdiri, we media gurnawy: Paul Caro, "Media önümçilik we tehnologiýa hyzmatlary" bölüminiň baş müdiri, "Metropoliten sungat muzeýiniň sanly serişdeler" bölüminden.

Katalog, degişli maksatnamalar we sanly hyzmatlar  

Sergide alymlar we giň okyjylar köpçüligi üçin niýetlenilen owadan suratlara baý katalog hem bar. Metropoliten sungat muzeýi tarapyndan neşir edilen we " Ýeýl uniwersitetiniň çaphanasy " tarapyndan ýaýradylýan bu kitap Metropoliten sungat muzeýiniň dükanynda elýeterlidir (gaty jiltli, bahasy 65 ABŞ dollary).

Katalog "The Andrew W. Mellon Foundation", "Doris Duke Fund for Publications" we "Marshall and Marilyn R. Wolf Foundation" tarapyndan elýeterli edildi.

Metropoliten sungat muzeýiniň "Audio gid " maksatnamasy boýunça audio-gezelenç hem kireýne almak üçin elýeterlidir (bahasy 7 ABŞ dollary, agzalar üçin 6 ABŞ dollary, 12 ýaşdan kiçi çagalar üçin 5 ABŞ dollary).

"Audio gid" maksatnamasyna "Bloomberg Philanthropies" tarapyndan goldaw berilýär.

Bilim maksatnamalaryna şular girýär: "Surat çekme güni", aprel aýynyň15-ne; "Maşgalalar ücin bir öýlän", iýul aýynyň 10-y; sergi gezelençleri: maý aýynyň 11-i, 31-i, iýun aýynyň 15-i, 25-i , iýul aýynyň 8-i we 13-i; "Ugurara galereýa gepleşigi", maý aýynyň 26-y; we alymlar simpoziumy, iýun aýynyň 9–11 aralygy. 15-nji maýda geçiriljek, iki bölümden ybarat "Metropoliten muzeýinde bir ýekşenbe" (Sunday at The Met) atly çärämiz ylym we sungat barada bolar. Sheila Canby söhbetdeşlige ýolbaşçylyk eder, çykyş edýänler: Silke Ackermann, Oksford uniwersitetiniň ylmyň taryhy muzeýiniň direktory, astronomiýa we astrolýabiýalar barada, we Peter J. Lu, Harward uniwersitetiniň inženerçilik we amaly ylymlaryň John A. Paulson adyndaky fakultetiniň amaly fizika bölüminiň ylmy işgäri, çylşyrymly yslam geometrik nagyşlaryň fizikada ulanylşy barada çykyș ederler. Soňra aktýor Hamid Rahmanian tarapyndan “Şanama” eposyndaky bir hekaýanyň “Ot perleri” atly adaptasiýasy kölege oýny ýerine ýetiriler. Ol maksatnamalar Metropoliten sungat muzeýiniň giriş töleginiň içine girip mugt hödürlenilýär.

6–7-nji maýda bolsa iki bölekden ybarat "Surat çekmek boýunça marafony" Peter Hristoff tarapyndan alnyp barylar. Metropoliten sungat muzeýiniň galereýalarynda geçiriljek bu amaly sapakda janly modeller, döwre degişli esbaplar we lybaslar bolar (tölegi 140 ABŞ dollary, gatnaşmak üçin öňünden ýazylmaly; tölege iki günlük Metropoliten sungat muzeýine giriş we materiallar girýär).

2016-njy ýylyň tutuş iýun aýynyň dowamynda Metropoliten sungat muzeýinde internaturada boljak Piter Hristoff muzeýiň işgärleri bilen bilelikde sergä degişli jemgyýetçilik maksatnamalaryny işläp düzdi. Olaryň hatarynda muzeýe gelýän dürli myhmanlar üçin surat çekiş seanslary, galereýa söhbetleri, şeýle hem, Metropoliten sungat muzeýiniň orta mekdepleriň ýokarky synplardan bolan stažýor okuwçylary bilen türkiýeli dokmaçylaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk bar. Nakgaş bolan Hristoff Nýu-Ýork şäheriniň Şekillendiriş sungat institutynyň mugallymy bolup işleýär. Onuň gatnaşýan internaturasy hem geçirilýän maksatnamalaryň biri bolup Metropoliten sungat muzeýiniň ýygyndylarynyň esasynda, häzirki zaman yslam medeniýetiniň janlylygyny, köpdürlüligini we gözelligini şöhratlandyryp görkezýär.

Simpozium "Roshan Cultural Heritage Institute" we "Soudavar Memorial Foundation" tarapyndan geçirilýär.

"Metropoliten sungat muzeýinde bir ýekşenbe" (Sunday at The Met) atly maksatnamasy bolsa "Doris Duke Foundation for Islamic Art " tarapyndan geçirilýär. "Ot perleri" atly kölege oýny bolsa "Roshan Cultural Heritage Institute" we "The Mossavar-Rahmani Fund for Iranian Art" tarapyndan geçirilýär.

"Peter Hristoff nakgaşçylyk internaturasy" maksatnamasy we beýleki degişli maksatnamalar "Doris Duke Foundation for Islamic Art " tarapyndan elýeterli edilýär.

Tutuş serginiň dowamynda Henri Stierlinyň alan Seljuk binagärliginiň we peýzažlarynyň fotosuratlary proýeksiýa arkaly görkeziler. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawynda durýan, Yspyhan şäherinde ýerleşýän Uly metjidiň gümmezinden taryhy görnüşleri bir meýdançanyň ýokarsyna proýeksiýa arkaly görkeziler. 1960-njy we 1970-nji ýyllarda Eugenio Galdieri tarapyndan ýolbaşçylyk edilen " IsMEO-nyň (Istituto Italiano per il Medio ed Estremo Oriente/Istituto Italiano per l’Africa e l’Oriente) rejelemek boýunça italýan ylmy ekspedisiýasynyň dowamynda düşürilen ol fotosuratlar häzirki wagtda "Museo Nazionale d'Arte Orientale “Giuseppe Tucci”" muzeýinde saklanylýar. Gelýän myhmanlarda has uly täsir galdyrmak maksady bilen, "Blacas" küýzesiniň örän ýakyndan düşürilen wideo-şekilleri eseriň gapdalynda görkeziler.  

Proýeksiýalar "The Mossavar-Rahmani Fund for Iranian Art" tarapyndan üpjün edilýär.

Sergi barada maglumat Metropoliten sungat muzeýiniň internet saýtynda (www.metmuseum.org/exhibitions/court-and-cosmos), şeýle hem, #CourtandCosmos heştegi arkaly Facebook-da, Instagram-da we Twitter-de berilýär.

# # #

2016-njy ýylyň aprel aýynyň 11-i 

Press resources